Saud Arabystany, BAE, Norwegiýa BMG-de tanker hüjümlerinde “döwlet aktýoryny” günäleýär
Bu sözlerde, şol sanda 6-njy iýundaky brifinge degişli dokumentlerde Eýran agzalmady, emma saudlylar we Birleşen Arap Emirligi, Pars aýlagy ýurtlarynyň ýakyn ýarany ABŞ Tährany ýa-da onuň “agentlerini” 12-nji maýdaky hüjümleri amala aşyrmakda aýyplady.
Bu hüjümler netijesinde Saud Arabystanynyň nebit tankerlerine we Norwegiýanyň gämisine zyýan ýetdi.
Dördünji gämi Emirligiň baýdagy dakylan tankerdi. Ýaraly bolanlar barada habar berilmedi.