Türkmenistanyň hökümet delegasiýasy Sankt-Peterburgda Halkara ykdysadyýet forumyna gatnaşýar
Delegasiýa ýurduň wise-premýeri, daşary işler ministri Reşit Meredow ýolbaşçylyk edýär.
Neşir daşary işler ministrligine salgylanyp, türkmen delegasiýasynyň forumyň plenar sessiýasyna gatnaşjakdygyny, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirjegini habar berýär.
2019-njy ýyldaky Sankt-Peterburg Halkara ykdysadyýet forumy 6-8-nji iýun aralygynda geçirilýär.