Partlamalar Orsýetiň partlaýjy zawodyny çaýkady, 38 adam ýaralandy, 2 adam tapylmaýar
Partlamalar 1-nji iýunda, Dzeržinsk şäherinde boldy. Partlamanyň bolan etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
“Interfax” we TASS habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, partlamalar netijesinde binanyň bir bölegi weýran boldy we bu ýagdaý desganyň partlaýjy maddalar we ok-däri saklanylýan ýerinde uly ýangyn döremegine getirdi.
Region gubernatorynyň sözçüsi Dmitriý Krasnow döwlet telewideniýesinde iki adamyň tapylmaýandygyny aýtdy.
Rus mediasy Kristal zawodynyň ýokarsyndan asmana galan gara tüsse buludyny görkezdi.
Aýdylmagyna görä, bu zawodda harbylar üçin bomba, siwil maksatlar üçin partlaýjy maddalar öndürilýär.
Ýangynyň häzir hem dowam edýändigi, ýangyn söndürijileriň ony öçürmek tagallasyny edýändigi habar berilýär.
Resmiler ýene partlama bolmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar.