Rus prokurory Nawalnynyň şertli tussaglygyny türme tussaglygyna öwürmek boýunça edilen çagyryşy goldaýar
Russiýanyň prokuratura edarasy 1-nji fewralda ýurduň türme häkimiýetleriniň Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakyky türme möhletine öwürmek baradaky eden haýyşyny goldaýandygyny aýtdy. Rus oppozisiýa syýasatçysy “ogurlyk” aýyplamalary boýunça çykarylan şertli hökümiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, häzirki wagtda 30 gün möhlet bilen deslapky tussaglykda saklanýar. Ol özüne garşy gozgalan işiň galplaşdyrylandygyny aýdýar, ýöne bu iş bilen onuň 3,5 ýyl möhlete azatlykdan mahrum edilmegi mümkin. Читать дальше...