Özbegistanda ýene bir türk kino tapgyry ekrandan aýryldy. Gadaganlyk prezidentiň selektor maslahatyndan soň ýüze çykdy
«Sevimli TV» telekanaly eýýäm ýarym ýyl bäri gidip duran türk kino tapgyry «Ganatsyz guşlar» (“Kanatsız Kuşlar”) filmini ekrandan aýyrdy. Kanalyň ýolbaşçylary bu ýagdaýy «ýaýlym tertibindäki üýtgeşmeler» bilen düşündirdiler. 19-njy ýanwarda geçen selektor maslahatynda, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew käbir telekanallaryň ýaýlym ulgamlarynda daşary ýurt filmleriniň we teleseriallarynyň has agdyklyk edýändigini tankytlady. Maslahatda "ruhy we terbiýeçilik ulgamyny düýpgöter kämilleşdirmek üçin... Читать дальше...