Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler Ýemende pitneçileriň elindäki esasy portda ýerleşýän aeroporty eýeledi
Ýemen resmisi saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň Ýemeniň port şäheri bolan Hodeýdanyň uçar menzilini eýeländigini aýdýar. “Goşunyň goldawyndaky goranyjylar we Arap ýaranlygy Hodeýdanyň halkara aeroportuny Huti milisiýasynyň elinden azat etdi” diýip, ýemen harbylarynyň saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bilen ýaranlykda durýan media edarasy 16-njy iýunda twitter arklaly habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, häzir inženerler bu ýeri hutiler diýip bilinýän şaýy milisiýasynyň galdyran minalaryndan saplamaga çalyşýarlar. Читать дальше...