BMG-niň Baş sekretaryndan kinorežissýor Oleh Sentsowyň işinde araçy bolmak soralýar
Guterrişe ýazylan talap haty 15-nji iýunda, BMG-däki ukrain missiýasy tarapyndan gowşuryldy. BMG-niň başlygy 20-nji iýunda Putin duduşmagy hem-de Orsýetdäki Futbol çempionatynyň çäginde Portugal-Morokko ýarysyşyna tomaşa etmegi planlaşdyrýar.
Bu hat Ukrainanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň, ombudswomanyň 15-nji iýunda Orsýetiň uzak demirgazygyndaky Ýamalo-Nenets regionynda tussaglykda saklanylýan Sentsow bilen duşuşmagynyň öňüniň alnandygyny aýdan wagtyna gabat geldi.
38 ýurduň ýazan hatynda 154-nji maýdan bäri açlyk yglan edýän sentsowyň işiniň “gyssagly meseledigi” we Guterrişiň çözgüt tapmak üçin araçylyk etmäge synanyşmalydyg saýdylýar.
Bu hata gol çeken ýurtlaryň arasynda Awstraliýa, Kanada we bir topar ÝB ýurdy, Türkiýe, Moldowa, gürjüstan we Ukraina hem bar.
41 ýaşyndaky sentsow terror hüjümlerini planlaşdyrmak aýyplamalary esasynda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bu aýyplamalary ret edýär we goldawçylary onuň syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny aýdýarlar.