Demirgazyk Koreýanyň lideri Wladiwostokda Putin bilen duşuşmak üçin Russiýanyň serhedinden geçdi
Demirgazyk Koreýanyň resmi “KCNA” habar agentligi 24-nji aprelde beren maglumatynda Kimiň we hökümet delegasiýasynyň, şeýle-de ýaragly güýçleriň resmileriniň Phenýandan ýaraglandyrylan hususy otluda gidendigini mälim etdi. Olar 700 kilometre golaý uzynlykdaky ýoly otluda geçerler.
“25-nji apreldäki gepleşikler koreý ýarymadasyndaky ýadro problemasyna syýasy we diplomatik çözgüt tapmaga gönükdiriler” diýip, 23-nji aprelde Putiniň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow aýtdy.
Uşakow iki lideriň geçirjek gepleşiklerine giň göwrümli delegasiýalar, şol sanda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow goşulmazdan öň, olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirjekdigini hem belledi.
23-nji aprelde Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “RIA Novosti” neşri duşuşygyň dowamynda ylalaşyklara gol goýulmagyna ýa-da bilelikde beýanat ýaýradylmagyna garaşylmaýandygyny mälim etdi.