Pompeo Owganystanyň parahatçylygy üçin iň gowy mümkinçilik gepleşikler diýdi
Owgan syýasatçylarynyň we graždan jemgyýetçiliginiň 250 çemesi wekiliniň "Talybanyň" gepleşik alyp baryjylary bilen Dohada 19-njy aprelde başlanmagyna garaşylan owgan-ara gepleşiklerine gatnaşmalydy.
Bu duşuşykda "Talybanyň" we Kabulyň hökümetiniň resmileri ilkinji gezek bilen jemlenmelidi. Emma duşuşyk owgan delegasiýasynyň sany we düzümi bilen baglylykda dörän gapma-garşylyk sebäpli 18-nji aprelde gyssagly ýatyryldy.
Döwlet departamentiniň beýanatynda Pompeonyň Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganä çagyryş bilen 21-nji aprelde ýüzlenendigi we "Talybanyň" bahar möwsümindäki nobatdaky hüjümlerini yglan etmegini ýazgarandygy aýdylýar.
Şeýle-de, Pompeo taraplary gepleşikleriň gatnaşyjylary boýunça ylalaşmaga çagyryp, parahatçylygy gazanmagyň iň gowy mümkinçiliginiň gepleşiklerdigini aýtdy.