Rus weteranlary owgan urşy baradaky filmiň “watançylyk ruhunda däldigini” aýdýarlar
Şol bir wagtda, filmiň direktory Pawel Lungin kinonyň pajygaly konflikt barada dogruçyl maglumatlary berýändigini aýdýar.
Belli režisýor Lunginiň täze işi Russiýada soňky döwür düşürilýän watançylyk uruş filimlerinden düýpli tapawutlanýar.
Kinoda 1979-1989-njy ýyllar aralygyndaky sowet-owgan urşunyň soňky aýlarynyň dowamynda sowet esgerleriniň serhoş bolup, ogurlyga hem baş goşýan pursatlary görkezilýär. Bu uruşda 14 müňe golaý sowet esgeri heläk bolupdy.
Filmi 9-njy maýda, ýagny Russiýada Ýeňiş baýramy bellenilýän güni köpçülige ýetirmek göz öňünde tutulýardy.
Emma, weteranlaryň we konfliktde heläk bolan esgerleriň ýakynlarynyň protestlerinden soň, filmiň çykjak senesi nämälimligine galýar.