Täjik prezidenti Moskwa sapar edýär
Rahmon rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynyň dowamynda “iki taraplaýyn gatnaşyklara degişli möhüm meseleleri, şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklaryndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahat eder. Gepleşikleriň dowamynda möhüm regional meseleler barada hem pikir alyşylar” diýip, maglumatda bellenilýär.
Moskwadaky gepleşikleriň dowamynda Rahmon bilen Putiniň ençeme dokumentlere hem gol goýmaklaryna garaşylýar.