Ýokary derejeli rus resmisi Muelleriň hasabatynyň netijelerini gowy garşy aldy
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň halkara meseleler boýunça komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçýow özüniň 25-nji martda Facebook sosial ulgamynda çap eden maglumatynda, Muelleriň derňewleri bilen bir wagtda “iki ýyl dyngysyz ýalanlaryň” tekrarlanandygyny hem belledi.
Muelleriň hasabatynyň jemleýji bölüminde baş prokuror William Barr derňewler Trampyň ýaranlarynyň ruslar bilen gizlin ylalaşandygyny tassyklamaýar diýýär. Kosaçýow “Russiýada biz muny başyndan bäri bilýärdik” diýdi.
24-nji martda Birleşen Ştatlaryň Kongresine hödürlenen hatda Barr derňew Trampyň kampaniýasynyň “agzalarynyň rus hökümetiniň saýlawlara goşulyşmak işlerinde olar bilen dildüwşük ýa-da ylalaşyk edendigini tassyklamaýar” diýýär.