Stoltenberg: Gürjüstan NATO birleşigine goşular, Russiýa bu barada hiç zat edip bilmez
Stoltenberg gürji resmileri bilen duşuşyklary geçirmek we NATO bilen Gürjüstanyň bilelikde geçirýän harby tälim-türgenleşiklerine gatnaşmak üçin 25-nji martda Tbilisä bardy.
Gürji premýer-ministri Mamuka Bakhtadze bilen geçiren duşuşygynyň çäginde Stoltenberg NATO birleşigine agza 29 döwletiň “Gürjüstanyň NATO-nyň agzasy boljakdygyny anyk belländigini” aýtdy.
“Biz Gürjüstany NATO agza bolmaga taýýarlamak üçin bilelikde işlemegimizi dowam etdireris” diýip, Stoltenberg hiç bir ýurduň NATO-nyň açyk-gapy syýasatyna täsir ýetirmäge hukugynyň ýokdugyny hem belledi.
Bakhadze ýurduň “NATO agzalygynyň gürji halkynyň islegidini” nygtady.