Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanyň daşyna çykmak boýunça 'ýardamçylaryň' hyzmaty gymmatlaýar

Türkmenistanyň ilatynyň ýurduň daşyna köpçülikleýin migrasiýasynyň fonunda häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegine päsgelçilik döredýärler. 


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň, şol sanda adynyň azgalmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolýan resmileriniň sözlerine görä, bu ýagdaýda ýurduň daşyna çykmak isleýän raýatlar dürli ýollary gözlemäge mejbur bolýarlar. Iň ýörgünli usullaryň biri para bolup durýar we onuň möçberi öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetip, biletiň bahasyndan ençeme esse gymmada durýar.


"Biletiň bahasy 4 müň manat töwereginde, adatça ony 5 - 6,5 müň manada satyn alyp bolýar. Bir aýaly üç gezek reýsden düşürdiler we ol soralan puly 40 200 manady toplady. Emma düýn "nyrh" 60 manada galdy, şu gün bolsa 70 manada ýetdi" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 21-nji martda habar berdi we birnäçe aý mundan öň ýurtdan çykmak üçin teklip edilýän ýardamdan 200 dollar bilen peýdalanyp bolandygyny belledi.  







Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we söhbetdeşleri serhetden geçmekde ýardamy migrasiýa gullugynyň işgärleriniň üpjün edýändigini we olara pul tölenýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosyna bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan we Aşgabadyň halkara aeroportundan resmi kommentariý alyp bolmady.   


Şol bir wagtda-da, para ýolagçynyň serhetden geçjegine kepil bermeýär.


"Men paranyň doly kepil berýändigini aýdyp biljek däl, emma ol başa barýar" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan çeşmämiz aýtdy. 


Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň raýatlary ähli dokumentleriniň düzüw ýagdaýynda ýurtdan çykmakda kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. 


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň daşyna gidýän raýatlaryň uçardan düşürilmegine degişli ýagdaýlary açyk agzamaýarlar. Emma 6-njy martda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy prezidentiň käýinjine eýe boldy. Resmi maglumatlarda onuň "wezipe borçlaryny kadaly ýerine ýetirmezliginiň, işde goýberen kemçilikleriniň" muňa sebäp bolandygy aýdyldy, emma jikme-jik maglumat berilmedi.




Mundan öň Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara münmäge ýardam bermek teklibi bilen ýolagçylary aldap, ellerinden puluny we dokumentlerini alyp gitmek bilen meşgullanan talaňçy toparlaryň hereket edýändigi habar berlipdi. 2018-njy tomsunda ýüze çykan bu ýagdaýlarda ýurtdan çykmak üçin 1-2 müň dollar bermäge taýýar adamlaryň az däldigi mälim bolupdy.    


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, soňky günlerde türkiýä barýan uçarlardan ýolagçylaryň düşürilýän halatlary ýene köpelipdir. 


"Soňky üç hepdede reýslerden köpçülikleýin düşürdiler. Paranyň möçberi-de adamlaryň ýurtdan köpçülikleýin gidýändigi sebäpli artýar. Türkiýä barýan barýan uçarlardan, goý reýs türkmenleriňki ýa-da türkleriňki bolsun, migrasiýa gözegçiliginden geçmek üçin has uly möçberde para soralýar" diýip, habarçymyz aýtdy.  







Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlara gidýän ilatynyň resmi sanlaryny çap etmeýär. Emma synçylar migrasiýanyň derejesiniň örän ýokarydygyny belleýärler. 


Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna esasan gazanjyň gözleginde, şeýle-de bilim almak we saglygyny bejertmek üçin gidýärler.


Azatlyk Radiosyna soňky iki ýylyň dowamynda Türkiýä barýan ýolagçylarynyň köpçülikleýin uçardan düşürilmegine degişli onlarça waka mälim boldy. 


Aşgabadyň halkara aeroportunda bolan ýagdaýlaryň birinde ýolagçylar protest bildirdiler. 




2018-nji ýylyň baharynda ýurduň ýaş raýatlary ýurtdan çykmak päsgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Migrasiýa işgärleri gadagançylyklar barada raýatlara, adatça, diňe uçjak wagty dilden habar berýärler we onuň sebäbini düşündirmeýärler.


Raýatlaryň ýurduň daşyna çykarylmazlygy käbir heläkçilikli wakalara sebäp bolupdy. Azatlyk Radiosyna geçen tomus mälim bolan ýagdaýlaryň birinde birnäçe gezek ýurtdan çykarylmadyk daşoguzly öz janyna kast etdi.  


Ondan öň maý aýynda uçara goýberilmedik zenanyň ýüreginden tutup, bu onuň ölümine sebäp boldy.   







Şeýle-de, Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň ýurduň daşyna çykmagyny çäklendirmek boýunça görýän çäreleriniň daşyndan, daşary ýurtlardaky raýatlaryny yzyna gaýtarmak boýunça iş geçirýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net