Karadziçiň appelýasiýasy boýunça suduň kararyna garşýarlar
1995-nji ýylda 8000 musulman erkekleriň we oglanlaryň gyrgynçylygynyň pidalarynyň maşgala agzalary BMG-niň sudunyň uruş kriminaly Radowan Karadziçiň apellýasiýasy baradaky kararyna garaşýarlar.
Gaagada sudýalaryň 20-nji martda çykarjak kararynyň BMG-niň Halkara jenaýatçylyklar tribunallary boýunça mehanizmine esaslanylmagyna garaşylýar. Karadziç 2016-njy ýylda özüne genosidde, ynsanyýete garşy jenaýatçylyklarda we uruş jenaýatçylyklarda günä bildirilip, çykarylan karardan şikaýat etdi.
Şeýle-de, suduň 2017-nji ýylda işini tamamlan öňki Ýugoslawiýa boýunça halkara tribunalynyň çykaran 40 ýyl möhletli türme tussaglygy hakyndaky kararyny saklap-saklamazlyk meselesine hem seretmegine garaşylýar.
Karadziç 2016-njy ýylda 40 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Şeýle-de, öňki şahyr we psihiatr 73 ýaşly Karadziç Srebrenisada musulmanlary gyrgyna bermekden daşary, Bosnianyň paýtagty Saraýewonyň dört ýyllyk gabawda saklanmagyna we şonda 10 müň adamyň ölümine sebäpkär bolmakda aýyplanýar.