“Talyban” Pakistandaky gepleşikleri yza süýşürdi
Bu baradaky beýanat 17-nji fewralda ýaýradyldy. Duşuşyk 18-nji fewrala planlaşdyrylyp, onuň dowamynda jeňçi toparynyň Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen duşuşygy hem göz öňünde tutulypdy. Beýanatda başga goşmaça maglumat berilmedi.
Beýanatdan birnäçe sagat öň, Owganystan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde “Talybanyň” Pakistana planlaşdyrylan saparyna protest bildiripdi.
Owganystanyň BMG-däki missiýasynyň ugradan haty bilen Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy hem tanyşdy. Onda “Talyban”-Pakistan gepleşikleriniň “Owganystanyň özygtyýarlygyny bozýandygy” bellenilýär.