Aleksiýewiç: Belarusdaky mekdep hüjümine “gazaplylyk atmosferasy” sebäp boldy
Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aleksiýewiç Belarusda prezident Aleksandr Lukanşenkadan başlap, gündelik durmuşda gazaplylygyň aklanýandygyny, adam mertebesiniň depelenýändigini aýtdy.
11-nji fewralda Minskiň 65 kilometr günorta-günbataryndaky Stouptsy şäherinde 15 ýaşly ýetginjek sapak wagty aýal mugallymasyny we 17 ýaşly beýleki bir okuwçyny pyçaklap öldüripdi, başga-da iki okuwçyny ýaralapdy.
12-nji fewralda Lukaşenka hüjüme mekdep resmileriniň we Bilim ministrliginiň jogapkärdigini aýtdy.
“Biziň mekdeplerimiz bulam-bujarlyk, durşuna bulaşyklyk! Bular ýaly zat öňler bolmandy. Etrabyň bilim resmileri wezipesini başarmadylar. Bilim ministrligi wezipesini başarmady. Şol mekdepde tertip-düzgün ýokdy. Näme üçin?” diýip, Lukaşenka çykyş etdi.
“Lukanşenkanyň özüni alyp barşyna bir serediň-ä. Ol ministriň “ellerine gandal dakyljakdygy” bilen haýbat atýar. Bu gazaplylykdan, adam mertebesiniň depelmeginden başga hiç zat däl” diýip, Aleksiýewiç belledi.