Owganystanda 'wezipesini biknanun ulanan' saýlaw resmileri derňelýär
Ýurduň Baş prokuraturasynyň edarasy 12-njy fewral güni giçlik, Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň we Garaşsyz saýlaw şikaýatlary komissiýasynyň 12 işgäriniň ählisi wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp işden boşadylandan soň, derňewiň aýylandygyny yglan etdi.
GSK-nyň ýedi, GSŞK-nyp bäş işgäri ýurtdan hem çykmasyz edildi diýip, Baş prokuraturanyň beýanatynda aýdylýar.
Saýlaw resmileri oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň netijesizlikde, şol sanda saýlaw materiallarynyň hem ýeterlik bolmazlygynda berk tankyt edildi. Bu saýlawlardan soň 15 welaýatyň ählisiniň gutarnykly netijelerihenize çenli yglan edilmedi.
Bu çäre ýurduň iýul aýyna bellenen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda görülýär.