Tramp Wenesuelanyň oppozisiýa liderini goldady
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaidony prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde ykrar edýändigini aýtdy.
Oppozisiýanyň ýolbaşçylygyndaky Milli Assambleýnyň prezidenti Guaido 23-nji ýanwarda Karakasda özüni prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji diýip yglan etdi. Şol bir wagtda, ýurt boýunça onlarça müň adam sosialist prezident Nikolas Maduro garşy ýöriş geçirdi.
Kanada, Braziliýa, Argentina we Kolumbiýa hem Guaido öz goldawyny bildirdiler.
Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusközüniň Twitter hasabynda “Men ähli Ýewropanyň Wenesueladaky demokratik güýçlerini goldajakdygyna umyt edýärin” diýip, ýazgy galdyrdy.
“Madurodan tapawutlylykda parlament assambleýasy, şol sanda Juan Guaido Wenesuelanyň raýatlaryndan demokratik mandata eýe boldy” diýip, Tusk belläp geçdi.
Bu aralykda, Russiýa Madurony aýyrmak boýunça hereketleri tankytlady. Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Wenesueladaky hereketleri Günbataryň halkara kanunçylygyna nähili çemeleşýändigini görkezdi diýip, çykyş etdi.
Maduronyň häkimiýeti döwri Russiýanyň Wenesuela bilen ýakyn gatnaşyklary bolupdy. Moskwa harby türgenleşiklere gatnaşmak üçin Günorta Amerika döwletine ýadro ýaragyny daşamaga ukyply özüniň iki sany strategiki uçaryny hem ýollapdy.
Soňky ýyllarda, Wenesuela Russiýadan millionlarça dollarlyk harby serişdeleri hem satyn alypdy.