Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabadyň ýaşaýjylary ýene-de pişikleriň köpçülikleýin awlanmagyna şaýat boldular

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary Aşgabadyň häkimiýetleriniň it-pişikleri awlamak boýunça işlerini gaýtadan güýçlendirendigini 21-nji ýanwarda habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, bu işi ýerine ýetirýänler häzirki wagtda diňe bir idegsiz ýören it-pişikleri köçelerden ýygnamak bilen çäklenmän öýlerde ýaşaýan haýwanlary hem tutmaga ýol gözleýärler we alyp gidýärler. 


Köp haýwanlar tutulan wagtynda, köpçüligiň gözüniň öňünde heläk edilýär diýip, rehimsiz ýagdaýlara şaýat bolan habarçylarymyz aýdýarlar. 


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 21-nji ýanwarda şeýle gürrüň berdi:


- Käbir köçe süpürijiler janawarlary tutmak umydy bilen gijelerine-de zir-zibilleriň taşlanýan ýerlerinde nobatçylyk edýärler. Beýlekiler öý pişiklerini aldaw bilen öýlerinde çykarýarlar we hatda ogurlaýarlar. Pişikleri kolbasa bilen çykarýarlar, soň haltalara salyp, ýoluň gyrasyndaky daşa urýarlar, zäher oklaýarlar, çüýli uzyn taýaklary ulanýarlar.       


Pişikleriň awlanmagyny esasan öý hojalyk edaralarynyň işgärleri, şol sanda köçe süpürijiler we arassaçylyk işgärleri amala aşyrýarlar.        







Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz tanyşynyň öýünde saklanan pişikleriň zalymlyk bilen öýünden  äkidilmegine degişli wakany gürrüň berdi:


- Bu pişijikleri oňa keselbent halda balkonyna taşlap gidipdiler, ol pişikleri bejermek üçin köp güýjüni we puluny sarp edipdi. Soňra olary çüýli taýak bilen aýnasyndan alyp gidipdirler.


It-pişikleri awlaýan öý hojalyk edaralarynyň işgärleriniň öz sözlerine görä, olaryň her gün tutulmaly haýwanlarynyň sanyna degişli plan bar, onuň berjaý edilmezligi işden kowulmagyna sebäp bolup bilýär. 


Azatlyk Radiosynyň habarçysy öý hojalyk edaralarynyň işgärleriniň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. 


- Olaryň her biriniň plany günde bir pişik getirmek. Emma muňa çydaman işden çykýanlar hem bar. Ýöne olar az. Çagalaryny eklemeli. Şu gün öý dolandyryş edaralarynyň biriniň süpürijisi bilen gepleşdim, ol günä edip, [pişikleri] öldürmek islemeýändigini we öldürmezlik üçin günde 1 manat, aýda 30 manat töleýändigini aýtdy" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.    




Türkmenistanda it-pişikleriň köpçülikleýin awlanmagy yzygiderli görnüşde amala aşyrylýar we soňky ýyllarda döwlet baýramçylyklarynyň, şeýle-de häkimiýetleriň möhüm hasaplaýan wakalarynyň öňüsyrasynda amala aşyrylýar.







Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we söhbetdeşleri paýtagtda pişikleriň şu günki gün awlanmagyny şäher häkimiýetleriniň nobatdaky görkezmesi bilen baglanyşdyrýarlar.


"Ýakyn günlerde häkimligiň garamagyndaky ähli kommunal edaralarda ýygnaklar geçirilip, günde öldürlen pişikleriň sany barada hasabat bermedikleriň işden kowuljagy barada haýbat atyldy. Köpçülikleýin gyrylmagyndan soň olar örän az galdy, emma häkim Şamuhammet Durdylyýew talap edipdir. Ol bu meseläni 2018-njy ýylyň aýagyna çenli doly çözmek hakynda prezidentiň tabşyrygyny ýerine ýetirmändir" diýip, Aşgabadyň kommunal hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýtdy. 


Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkiminiň habar berilýän görkezmesi we prezidentiň agzalan tabşyrygy barada maglumaty resmi çeşmelerde häzirlikçe tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi. 




2018-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynyň häkimiýetleri idegsiz haýwanlaryň tutulýandygyny we muňa ýokardan görkezmäniň bardygyny resmi taýdan tassykladylar.   


Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň ýolbaşçysynyň şäher ýaşaýjylaryň it-pişikleriň rehimsiz awlanmagyndan şikaýat edip, ýazan köpçülikleýin hatyna beren jogabynda habar berildi. Hatyň nusgasy Azatlyk Radiosyna gowuşdy. 


Türkmenistanda öý dolandyryjy edaralaryň işgärleriniň idegsiz it-pişikleri awlamaga mejbur edilýändigi we olaryň tutmaly haýwanlarynyň sany boýunça ýörite planyň kesgitlenendigi barada 2018-nji ýylyň tomsundan bäri habar berilýär.


Şeýle-de 2017-nji ýylyň başyndan bäri Aşgabadyň köçelerinde it-pişikleri awlaýan ýörite awtoulaglar hereket edýär. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar gyzgylt reňkli ýük ulagynyň görenleri hopukdyrýandygyny, sebäbi ulagly gelýänleriň it-pişikleri tutmak işini rehimsizlik bilen amala aşyrýandygyny, ulaglaryň içinden aýylganç sesleriniň eşidilýändigini gürrüň berdiler.     




Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar çeşmeleri it-pişikleriň awlanmagyna degişli resmi çäreleri we ýagdaýlary düýpden agzamaýalar. 2017-nji ýylda resmi habar serişdeleri ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ilkinji penahananyň döredilendigini yglan edipdi, emma soň bu meseläni gozgamandy. Soňky ýyllarda haýwanlary gorýjylar we garaşsyz habar beriş serişdeleri penahanada haýwanlaryň idegsiz köpçülikleýin heläk bolandygyny habar berdiler.      


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net