Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanda harby gullukdaky esgerleriň we atýaçdaky gullukçylaryň taýýarlyk derejesine alada bildirilýär

Türkmenistanyň harbylary harby gullukdaky esgerleriň we atýaçdaky gullukçylaryň taýýarlyk derejesinden aladalanma bildirýärler. Bu barda 16-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň içeri işlär ministrligindäki çeşme gürrüň berdi.


“Mobilizasiýa barada häzir gürrüň ýok, emma harbylar atiýaçdakylaryň we hatda gullukdaky esgerleriň bolup biljek harby hereketlere örän pes derejede taýýardygyndan alada galýarlar” diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan çeşme aýtdy.


Türkmen esgerleriniň we atiýaçdaky harbylaryň taýýarlygynyň pesdigi barada bildirilýän aladalanmalar Türkmenistanda harby gulluga ýaraýan raýatlary hasaba almak çäresiniň fonunda öňe sürülýär. Soňky günlerde Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri ýurtda harby gulluga ýaraýan adamlaryň köpçülikleýin hasaba alnyp başlanandygyny habar berdiler. 







 


Azatlygyň çeşmeleriniň bellemegine görä, häzirki wagtda türkmen goşuny täze ýaraglar we harby tehnika bilen üpjün edilýär, emma esgerleriň tälimine ýeterlik derejede üns berilmeýär.


“Ýarag we harby tehnikamyz ýeterlik, soňky ýyllarda Orsýetde, Türkiýede we Hytaýda aktiw satyn alyndy. Emma harby gullukdaky esgerleriň, olaryň sany 35 müň çemesi, taýýarlygy örän erbet, ýaragy ulanyp bilmeýärler, ätiýaçdakylar bolsa bu ýaraglar bilen asla tanyş däl, sebäbi olaryň köpüsi SSSR-iň soňky ýyllarynda we garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gulluk edipdi, şol döwürde köne orsýet ýaragy bardy” diýip, Goranmak ministrligindäki çeşme belledi.


Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň ilatynyň arasynda harby taýýarlyk derejesiniň pes bolmagynyň ýene bir sebäbi ýurduň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, goşunyň söweş ukybyna ýeterlik derejede üns berilmänligi bilen bagly.




Türkmen goşuny 1990-njy ýyllarda düýbi tutulaly bäri reformalara sezewar edildi. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ýaragly güýçleri özbaşdak üpjünçiligine geçiripdi. Bu ýagdaý esgerleriň sandan çykan köne eşikli ekin meýdanlarynda, hususy hojalyklarda işlemegine, mal bakmagyna we hatda köçelerde dilegçilik etmegine getiripdi.


“Şu günki gün hem [goşunyň] talaba laýyk derejededigini aýdyp bolmaz. Üstesine, harby ýolbaşçylyk atiýaçdakylaryň özlerini gara günde goýan hökümet üçin öz ganyny dökmäge jan etmejeginden howatyrlanýarlar” diýip, çeşme belleýär.


Türkmenistanyň hökümeti ýaragly güýçleriň maddy-tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmegiň döwletiň ileri tutýan meseleleriniň biri bolup durýandygyny ençeme gezek yglan edipdi. Döwlet telewideniýesi döwlet baştutanynyň harby bölümlere edýän saparlaryny ýygy-ýygydan görkezip durýar.


Munuň bilen baglylykda türkmen harbylary ýurduň azyk üpjünçiligine goşant goşmagyny dowam etdirýärler. Ýaňy-ýakynda türkmen prezidenti harby we kanuny goraýjy edaralaryň hojalyk kärhanalaryny gözden geçirdi we harbylaryň maldarçylykdaky, şeýle-de guş, it saklamak we gök önüm, miwe ýetişdirmekdäki işlerinden kanagatlandy.







Döwlet metbugatyna görä, şeýle-de türkmen esgerleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Derman ösümlikleri” atly kitabynda agzalan ösümlikleri we daglyk ýerlerinde bitýän pisse we hoz ýygnamak ýaly işlere gatnaşýarlar.


Üstesine, Türkmenistanda esgerler pagta ýygyma çekilýärler.


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda harby gulluga ýaraýan raýatlary hasaba almak boýunça geçirilýän çärelerini resmi derejede agzamaýarlar, şeýle-de, ýurduň Owganystan bilen serhedindäki ýagdaýlary kommentirlemeýärler.


Türkmenistanyň Owganystan bilen arasynda uzynlygy 800 çemesi kilometrlik döwlet serhedi bar. Azatlygyň Owganystandaky habarçylary şu günki gün serhediň owgan tarapynyň tas ähli ýeriniň söweşijileriň gözegçiliginde saklanýandygyny aýdýarlar.


Owganystanyň resmileri serhetýaka Farýap welaýatynyň giňişliginiň ​85-95%-niň ýaragly toparlaryň, esasan “Talybanyň” elinde galýandygyny aýdýarlar.




15-nji ýanwarda Owganystanyň goşuny, şol sanda ýörite güýçleri NATO-nyň “Aýgytly goldaw” missiýasynyň gatnaşmagynda welaýatyň azyndan üç etrabynda Şiritegap, Hojasebizpoş we Almar atly ýerlerinde söweş alyp bardylar. Farýabyň polisiýasynyň metbugat wekili Abdylkerim Ýoruşyň sözlerine görä, söweşlerde 20 çemesi söweşiji, şol sanda ýaragly toparlaryň biriniň meýdan komandiri öldürilipdir.


Farýap Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän bäş welaýatynyň biri. Onuň 9 etraby serhetde ýerleşýär.


Owganystanyň serhetýaka regionlary etnik türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýeri. Ýaragly toparlaryň hüjümleri zerarly müňlerçe türkmen maşgalasy öz oturan ýerlerini taşlap, gaçyp çykmaga mejbur boldy. Olar henizem ýurduň beýleki böleklerinde wagtlaýyn lagerlerde açyk meýdanda, iýmitsiz gün görýärler.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net