Putin Serbiýa saparyndan öň Balkanlary ABŞ-nyň durnuksyzlaşdyrandygyny aýtdy
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlaryň bu sebitde “öz agalygyny ornatjak bolup”, Balkan ýurtlaryny durnuksyzlaşdyrandygyny öňe sürdi.
Putin bu pikiri 15-nji ýanwarda, şu hepdäniň aýagyna planlaşdyrylan saparyndan öň Serbiýanyň “Vecernje Novosti” we “Politika” gazetlerinde çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy. Bu pikirler Kremliň websaýtynda hem çap edildi.
Putiniň sözleri Moskwanyň Serbiýa bilen öňden gelýän ýakyn gatnaşyklaryny nygtaýar, şeýle-de Moskwanyň Günbatar täsirinden ätiýaçlylygyny görkezýär. Mundan başga, bu sözler Waşingtonyň we onuň ýewropaly ýaranlarynyň käbiriniň Orsýet bu sebiti, şol sanda Montenegrony, Bosnia-Herzegowinany we Makedoniýany durnuksuzlaşdyrmaga çalyşýar diýen duýduryşlaryna gapma-garşy gelýär.
Puntin söhbetdeşlikde NATO-nyň 1999-njy ýylda, Kosowa urşy mahalynda Serbiýany bombalaýşyny, şeýle-de Kosowanyň 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny jar edişini ýatlaýar.
Bu jarnama Orsýet we Serbiýa tarapyndan ýazgaryldy, emma Günbatar ýurtlary tarapyndan gowy garşy alyndy.
Şeýle-de Putin Montenegronyň “NATO agzalgyna çekilendigini” belläp, “netijede bu ýurt häzir syýasy durnuksyzlyk döwrüni başdan geçirýär” diýdi.
Montenegro, ABŞ we beýleki ýurtlar bilen bilelikde, Orsýeti bu ýurtda 2016-njy ýylda amala aşyryljak bolnan döwlet agdarylyşygynda aýyplady we NATO agzalygyna tarap süýşdi.