Maşgala süteminden gaçan saudly zenan Kanada geldi
Yzyna deportasiýa edilse, öldürilmeginden gorkýandygyny aýdan saudly zenan özüne gaçybatalga teklip eden Kanada geldi.
18 ýaşly Rahaf Mohamad Alkununyň meselesi, ol sosial mediada kampaniýa başlanyndan soň, dünýäniň ünsüni özüne çekdi.
Kanadanyň daşary işler ministri Çristia Freeland 12-nji ýanwarda ony garşylamak üçin Torontanyň halkara uçar meýdanyna geldi.
Rahaf Bankoga uçmazyndan öň öz maşgalasy bilen Kuweýte geldi we yzyna deportasiýa edilmezlik üçin myhmanhana otagynda daşyna barruikada aýlap, öz düşen ýagdaýy barada twitterde habar-maglumat ýaýratdy.
Premýer-ministr Justin Trudeau 11-nji ýanwarda Kanadanyň Alkununy bosgun hökmünde kabul etjegini yglan etdi.
Bu ýagdaý Saud Arabystanyndaky aýallaryň hukuklaryna ünsi çekdi. Soňky ýyllarda bu ýurtda öz maşgala agzalarynyň süteminden gaçyp, daşary ýurtlara gaçyp çykmaga synanyşan birnäçe aýal tutulyp, öýlerine gaýtaryldy.