“Talyban” hökümet işgärlerini alyp gaçan güni owgan güýçleri zamunlary boşatdylar
Ýurduň esasy aňtaw gullugy bolan Milli howpsuzlyk müdirliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, ýörite güýçler Helmand welaýatynyň Nahre-Saraj etrabynda talyban türmesine zabt edip, ol ýerde saklanylýan 12 zamuny halas etdi.
Aňtaw agentligi “Talybanyň” baş berkitmesinde, ýurduň tirýek önümçiliginiň merkezi bolup durýan welaýatynda geçirilen operasiýa barada başga detallary açmady.
Bu beýanat günbatar welaýat Farahda talyban jeňçileriniň hökümet işgärleriniň bir toparyny alyp gaçan gününe gabat geldi.