Rim Papasy Siriýada, Ýemende parahatçylyga çagyrdy
Fransis bu çagyryşyny San Peter ybadathanasynyň öňündäki meýdançada ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde şähere we tutuş dünýä niýetlenen adaty "Urbi et Orbi" çykyşynda aýtdy.
"Meniň bagtly Kristmas arzuwym doganlyk islegimdir. Ähli milletleriň we halklaryň adamlarynyň arasyndaky doganlykdyr. Dürli ideýaly adamlaryň arasyndaky doganlykdyr... Dürli dinlere degişli adamlaryň arasyndaky doganlyk" diýip, papa aýtdy.
Fransis Siriýada, Ýemende, Afrikada, Koreýa ýarymadasynda, Ukrainada, Wenesuelada we Nikaraguada parahatçylyga çagyrdy. Şeýle-de, ol Ysraýylyň we Palestinanyň arasynda ýaraşyga umyt baglady.