Kasparow: Orsýet dünýä sahnasyndaky ornuny gitdigiçe kän ýitirýär
Tanymal kreml tankytçysy Garri Kasparow, prezident Wladimir Putiniň “agressiw” syýasatlary netijesinde,Orsýetiň dünýä sahnasyndaky ornuny örän tizlikde ýitirýändigini aýdýar.
“Kremliň problemasy ýurduň içindäki proseslere gözegçilik edip bilmek ýa bilmezlik ykybynda däl, eýsem režimiň öz halkara pozisiýasyny örän çaltlyk bilen ýitirip başlamagynda” diýip, küşt boýunça dünýä çempiony bolmakdan oppozisiýa aktiwistine öwrülen Kasparow aýtdy.
“Bu irde ýa giçde hökman bolmalydy, sebäbi Kremliň agressiw syýasaty azat dünýäni ahyrynda Putin bilen gepleşmegiň manysyzdygyna ynandyrmalydy” diýip, Kasparow 14-nji dekabrda Azatlyk radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Birleşen Ştatlarda aýdylýan zatlary gaýtalap, Kasparow Kremli beýleki ýurtlaryň işlerine gatyşmakda, şol sanda 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen saýlaw kampaniýalaryna garyşmakda aýyplady.
Kasparow Orsýetiň Donald Trampyň Hillari Klintondan üstün çykmagy üçin “ummasyz serişde” harçlandygyny öňe sürdi.
“Rus propagandasy Trampyň saýlawlardaky ýeňşini Putiniň üstün çykmagy hökmünde dabaralandyrdy” diýip, Kasparow aýtdy.