Interpolyň täze başlygynyň saýlanmagynyň öňüsyrasy oňa garşy basyşlar artýar
Britan mediasynda bu wezipä uly ähtimallyk bilen 56 ýaşly general-maýor Aleksandr Prokopçugyň saýlanmagynyň mümkindigi barada maglumatlar peýda boldy. Mundan öň, Moskwanyň Interpolyň proseduralaryny özüniň syýasy duşmanlaryny yzarlamak üçin ulanýandygy barada aýyplamalar orta atylypdy.
Polisiýa başlyklarynyň 21-nji noýabrda Dubaýda ýygnanyp, agentligiň täze başlygyny saýlamagyna garaşylýar.
Ses berilişigiň öňýany, Ukraina eger-de agentligiň başlyklygyna Prokopçuk saýlansa, onda öz ýurdunyň agzalygyny togtatmak ugrunda tagalla etjekdigine söz berdi.