Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Orsýetde okaýan türkmen studentleri kartdan pul çekmekde ýene kynçylyk çekýärler

Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan pul çekmekde ýene-de kynçylyga uçradylar. 


Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly studentleriň sözlerine görä, pul çekmekdäki bökdençlikler birnäçe hepde mundan öň başlanypdyr.


"Maňa ejem we kakam her aýda 500 dollar ugradýarlar. Bu häzirki kursdan 33 rubl bolýar. Mundan öň men puluň hemmesini çekýärdim. Emma bu gezek diňe 16000 rubl çekip bildim, ýene 13000 rubl galypdyr. Galanlaryny alyp bilmedim. Üstesine, maňa ugradylan 33000 rubldan 4 müň rubluny bank tutup galypdyr" diýip, Azatlyk Radiosyna Orsýetde okaýan türkmenistanly student aýtdy. Söhbetdeşimiz pul çekmek we hasabyndaky puluň möçberini anyklamak boýunça synanyşyklarynyň wideo ýazgysyny hem Azatlyk Radiosyna ugratdy. 




Orsýetiň banklarynyň biriniň bankomatynda peýda bolan ýazga görä, plastik kartdaky puly nagtlaşdyrmak üçin tutumy karty çykaran bank saklaýar.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça döwlet bankynyň resmi websaýtynda türkmenistanly müşderilerden daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan çekilen pul üçin alynýan tutumyň möçberi görkezilmändir. Müşderiler üçin ýerleşdirilen resmi bildirişde daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan peýdalanylanda komission tutumyň alynyp bilinýändigi mälim edilýär. 


Türkmenistanyň daşary gatnaşyklar banky Visa we MasterCard bank kartlaryndan daşary ýurtlarda peýdalanmak üçin komission tutumynyň möçberini 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda 1.75% derejesinde görkezipdi, 2017-nji ýylyň 6-njy fewralynda bu san iki esse artdyrylyp, 3% derejesinde görkezilipdi.




Emma Türkmenistanyň daşary gatnaşyklar banky daşary ýurtlaryň bankomatlarynda puluň nagtlaşdyrylmagy üçin göz öňünde tutulan tutumlaryň häzirki möçberi we onuň resmi taýdan üýtgedilip-üýtgedilmändigi barada habar bermeýär.


Azatlyk Radiosynyň bank düzgünlerini Türkmenistanyň Daşary gatnaşyklar bankynyň özünden anyklamak boýunça eden synanyşyklary başa barmady. 


Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryna eýe bolan türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda pul çeken wagtynda puluň esli böleginiň tutulyp galmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada Azatlyga oktýabryň aýagynda mälim boldy.




"Eger Türkmenistanda çykarylan VISA karty bilen Orsýetiň bankomatlarynda pul çekseň, türkmen banky 25% möçberinde puly saklap galýar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy. 


Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, bankyň saklaýan tutumynyň 40% ýetýän pursatlary hem bolýar. 


"Pul çekmek üçin edýän synanyşykda bökdençlik ýa-da pul berilmeýän halatlary bolýar. Ine häzirki wagtda men diňe 13000 rubl çekdim, emma bank 5000 rubly tutup galdy. Bu giňden ýaýran problema, meniň tanyşlarymda-da şeýle bolýar" diýip, Orsýetde bilim alýan türkmenistanly student aýtdy. 


Iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň banklary bankomatlardan puly nagtlaşdyrmak boýunça düzgünlerini birnäçe gezek üýtgetdi we puluň nagtlaşdyrylmagyna çäklendirme girizdi. 


Diňe 2017-nji ýylyň özünde Türkmenistanyň Daşary gatnaşyklar boýunça banky plastik kartlary bilen puly nagtlaşdyrmagyň düzgünini azyndan üç gezek üýtgetdi: bir gije-gündizde çekip bolýan puluň möçberi fewral aýynda 1000 dollardan 250 dollara getirildi, sentýabrda 100 dollara çenli azaldyldy we dekabrda 50 dollara getirildi. Türkmen manadynyň daşary ýurt walýutasyna geçirmek boýunça operasiýa Merkezi bankyň resmi kursuna laýyklykda amala aşyrylýar. 


Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklar, şeýle-de ýurduň daşyna bank üsti bilen ugradylýan puluň gijikdirilmegi daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylar üçin dürli kynçylyklary döretdi, ençemesi ýaşamak üçin serişdesiz galdy, ençemesi töläp bilmändigi üçin okuwdan çykaryldy.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net