Erdogan Haşoggini öldürmek buýrugynyň saud hökümetiniň “iň ýokary derejelerinden” berlendigini aýdýar
Türk lideri 2-nji noýabrda “The Washington Post” gazetinde çykan makalasynda öz ýurdunyň Stambuldaky saud konsullygynyň içinde öldürilen žurnalist bilen bagly ýagdaýlary aýan etmek üçin elde baryny edendigini nygtady.
“Netijede, Haşogginiň jellatlar topary tarapyndan zalymlyk bilen öldürilendigi dünýä aýan boldy, onuň öldürilmeginiň öňünden planlaşdyrylandygy belli edildi” diýip, Erdogan ýazdy.
Riýad patyşalygy dolandyrýan maşgalanyň bu ganhorlyga gatnaşandygyny ret edýär we bu işde “bozuk” agentleri günäleýär.
Emma tussag edilen 18 adam iş ýüzünde ýurdy dolandyrýan şazada Muhammad bin Salman bilen baglanyşykly adamlar bolup durýar.