Hytaýyň we Hindistanyň Eýrandan nebit satyn almagy dowam etdirjekdigi aýdylýar
Waşington 2015-nji ýylda dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Eýranyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyndan çykandan soňra Tährana garşy sanksiýalaryny gaýtadan güýje girizýär.
Eger sanksiýalardan ýüz öwürse, hytaý kompaniýalarynyň ABŞ-nyň bazarynda biznes etmek mümkinçiliginiň çäklendiriljekdigi barada Waşingtonyň haýbat atandygyna garamazdan, Tähranyň iň uly müşderisi Hytaý ýadro ylalaşygyny berjaý etmegi we Eýranyň nebitini import etmegi dowam etdirjekdigini mälim etdi.
Eýranyň Aziýadaky beýleki iki uly müşderisi – Ýaponiýa we Günorta Koreýa – Eýrandan nebiti satyn almagy bes eden mahaly, Hytaýa we Hindistana nebitiň satuwynyň dowam etmek perspektiwasy Tähranyň özüne bolan ynamyny pugtalandyrana çalym edýär.
28-nji oktýabrda Eýranyň wise-prezidenti Eşak Jahangir ýurduň nebit eksportynyň günde 1 million barrelden aşaklajagyna garaşmaýandygyny aýtdy.