NATO-nyň başlygy Ýewropada goşmaça ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garaşmaýandygyny aýtdy
Stoltenbergiň çykyşyndan dört gün öň prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 1987-nji ýylda baglaşylan “Orta aralykly ýadro güýçleri” ylalaşygyndan çykýandygyny mälim edipdi.
NATO-nyň başlygy häzir bu Ylalaşykdan Russiýanyň hem çykmagynyň mümkindigi baradaky howpsuzlyk ähtimallyklaryny seljerýändiklerini belledi.
“Men Ýewropa ýaranlarymyzyň, muňa jogap edip, goşmaça ýadro ýaraglaryny ýerleşdirjekdigine garaşmaýaryn” diýip, Stoltenberg çykyş etdi.
Ylalaşyk ABŞ-a we Russiýa 500-5,500 kilometr uzaklykdaky raketalaryň önümçiligini we ornaşdyrylmagyny gadagan edýärdi.