Ukrain kinorežissýory Oleh Sentsow bäş aýa golaý dowam eden açlygyny bes etdi
Walery Maksimenko 5-nji oktýabrda Sentsowyň nahar iýip başlamaga razy bolandygyny, Moskwanyň naharlanmak boýunça ekspertleriniň onuň nahar siňdirmegini ýuwaş-ýuwaşdan doly dikeltmek üçin ýörite dieta taýýarlandyklaryny” aýtdy.
Krymda doglan Sentsow 2014-nji ýylda Orsýetiň ukran ýarymadasyny ele geçirmegine garşy boldy we, hukuk goraýjy guramalaryň, Günbatar hökümetleriniň pikiriçe, syýasy äheňli sudda terrorizm aýyplamasynda günäli tapylyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Orsýetiň uzak demirgazyk sebitinde, Ýamalo-Nenetsk regionynda türmede saklanylýan Sentsow 14-nji maýda, Orsýsetiň 64 ukrain tussagyny azatlyga goýbermegini talap edip, açlyga başlady. Ol bu tussaglaryň syýasy sebäpler esasynda türmä basylandygyny aýdýar.
Sentsow özüniň bigünädigini aýdyp, rus prezidentinden günä geçiş soramakdan boýun gaçyrdy.