Günbatar Owganystanda bolan ýol hadysasynda azyndan 15 adam öldi
Günbatardaky Farah welaýatynyň Bakwa etrabynyň Pozak diýen ýerinde bolan hadysada azyndan 30 adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Farah welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Nasir Mehri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Hyrat welaýatyndan Kandagara barýan ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçranadygyny gürrüň berdi.
Farahyň welaýat polisiýasynyň başlygynyň sözçüsi Mohibullah Mohib awtobusyň sürüjisiniň hadysa bolan wagtynda maşyny örän ýokary tizlikde sürendigini aýtdy.
Uly ýollaryň ýaramazlygy, sürüjileriň geleňsizligi we ugruna gowy seredilmeýän awtoulaglar zerarly owgan ýollarynda her ýyl ýüzlerçe adam heläk bolýar.