Ýewropanyň adam hukuklary sudy Ukraina AÝ/AR-nyň žurnalistiniň telefon maglumatlaryna elýeterlilik bermezligi buýurýar
Ýewropanyň adam hukuklary sudy ukrain hökümetine Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň derňewçi žurnalisti Nataliýa Sedletskanyň mobil telefonyndaky maglumatlara hiç bir elýeterlilik bermezligi buýurdy.
18-nji sentýabrda çykarylan karar 18-nji oktýabra çenli güýjünde bolup, Sedletska suda şikaýat etmäge taýýarlyk görmäge doly wagt bermeli.
Ýewropanyň adam hukuklary sudy onuň şikaýatyna “ileri tutulýan mesele hökmünde” seretjegini wada berdi.
Kiýewiň Peçersk etrap sudy 27-nji awgustda Baş prokuroryň edarasynyň derňewçilere Sedletskanyň telefonynda 2016-njy ýylyň 1-iýulyndan 2017-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli aralykda bolan maglumatlary derňemäge rugsat berilmegi baradaky talabyny tassyk etdi.
AÝ/AR-nyň sözçüsi Joanna Lewison şu aýyň başynda suduň bu kararynyň “Ukrainanyň azat metbugaty ilerletmek we goramak boýunça boýun alan borçnamalaryna gabat gelmeýändigini" aýtdy.
Sedletska AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň we Ukrian Jemgyýetçilik telewideniýesiniň baýrak alan korrupsiýa garşy “Shemelar” telewizion programmasynyň alyp baryjysy bolup, bu programmada uly derejeli ukrain resmileri, şol sanda Baş prokuror Ýuriý Lutsenko bilen bagly derňew işleri barada hem maglumat berildi.