HRW Gyrgyzystanyň “ekstremizm” kesgitlemesini tankytlady
Topar adamlaryň gyrgyz hökümeti tarapyndan gadagan edilen wideolary, gollanmalary we kitaplary saklandyklary üçin, üçden 10 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendiklerini aýdýar. “Human Rights Watch” aýyplanýanlaryň bu materialy ýaýratmandyklaryny ýa-da gazaplylyga çagyrmandyklaryny hem belläp geçýär.
Toparyň maglumatyna görä, käbir ýagdaýlarda gadagan edilen kitaplar gözleg mahaly polisiýa tarapyndan oklanyp, soňy bilen-de işiň suda geçirilmezligi üçin para talap edilipdir.