Putin aziýa liderleri bilen Demirgazyk Koreýany maslahat eder
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu hepde aziýa liderleri bilen Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasyny maslahat eder.
Putin ýurduň uzak-gündogar Wladiwostok şäherinde Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe, Hytaýyň prezidenti Şi Jingping we Günorta Koreýanyň premýer-ministri Li Nak-ýeon bilen, 11-13-nji sentýabr aralygynda geçjek ykdysady sammitiniň çäginde duşuşar.
Rus resmileri Gündogar Ykdysady Forumyna Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň hem çagyrylandygyny, emma onuň gatnaşmajakdygyny hem mälim etdiler.