Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni Türkmenistanda ýüzden köp adamyň ykbaly nämälim galýar

30-njy awgust - zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara günüdir. BMG-niň beýanatynda bellenişine görä, adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi global problema öwrüldi we dünýäniň belli bir regiony bilen çäklenmeýär. 


 



BMG: Zor bilen ýitirim edilmeleriň jemgyýetde terror atmosferasyny ornaşdyrmak üçin ulanylmagy seýrek däl   





Türkmenistanyň türme sistemasynda zor bilen ýitirim edilemeler ýurtda adam hukuklarynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar.


Şu günki gün ýurtda azyndan ýüzden gowrak adam dereksiz ýiten hasaplanylýar. 


"Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasy şü günki gün 120 adamyň türkmen türmelerinde dereksiz ýitendigini hasaba aldy, emma olaryň hakyky sanynyň has köpdügi çak edilýär. 


Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni kampaniýanyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenip, ony halkara kanunlaryny depeleýän bu tejribeden desine el çekmäge çagyrdylar.


"Biz muny şu gün - zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni talap edýäris. Biz muny her gün - ýylyň 365 gününiň dowamynda - bu jenaýatyň soňuna çykylýança we adalat dabaralanýança talap ederis" diýip, kampaniýanyň gatnaşyjysy, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça merkeziň müdiri Ýuriý Jibladze ýörite wideo ýüzlenmesinde aýtdy. 




​Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalary daşky dünýäden doly üzňelikde, garyndaşlary, aklawçylar we halkara guramalarynyň wekilleri bilen gatnaşyksyz saklanýar. "Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasynyň düzen sanawyna türmelerde ýitirim edilenleriň arasynda meşhur oppozisiýa wekilleri we syýasy sebäplerden ýa-da korrupsiýa bilen baglanyşykly tussag edilen öňki ýurt resmileri-de girýärler.    




Soňky iki ýylyň dowamynda uzak wagtlap dereksiz ýiten hasaplanan şol adamlaryň birnäçesiniň tussaglykda ýogalandygy halkara jemgyýetçiligine mälim boldy. Bu olaryň jesetleriniň maşgalalaryna jaýlamak üçin berilmeginden soň belli boldy. 


2018-nji ýylda Türkmenistanyň öňki Milli howpsuzlyk komitetiniň Derňew bölüminiň başlygy Begmyrat Otuzowyň we güýç edaralarynyň öňki resmisi Allamyrat Allagulyýewiň ýogalandygy belli boldy. 2017-nji ýylda "Türkmennebit" döwlet konserniniň öňki başlygy Saparmamet Weliýewiň we öňki milli howpsuzyk ministri Poran Berdiýewiň, Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy Akmyrat Rejepowyň, "Türkmenstandartlary" döwlet gullugynyň öňki başlygy Baýram Hasanowyň, Döwlet serhet gullugynyň öňki başlygy general Tirkiş Tyrmyýewiň, howpsuzlyk ofiseri Wekil Durdyýewiň we polkownik Annadurdy Annasähedowyň tussaglykda ýogalandygy mälim edildi. 


Olaryň ählisi tussag edilmeginden soň, ýogalýança uzak wagtlap daşky dünýäden doly uzňelikde saklandy.  




Muňa garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda zor bilen ýitirim edilmeleriň ýokdugyny ýyllarboýy gaýtalap gelýärler. 


"Häzirki pursatda gynamalary, zor bilen ýitirm edilmeleri we eden etdilikli tutha-tutluklary subut ediji çynlakaý habar bolmady" diýip, Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý edişi boýunça hasabaty bilen 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Ženewada BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşinde çykyş eden türkmen wekili Wepa Hajyýew aýtdy.


Bu ýagdaýda Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň hökümetine yzygiderli halkara basyşynyň edilmeginiň zerurlygyny nygataýarlar. 


"Zor bilen ýitirim edilmeler problemasynyň çözgüdi halkara guramalary bilen ýapyk gapylaryň aňrysynda maglumat alyşmak bilen çäklenmeýär. Problemanyň çözgüdi tussaglaryň ýanyna olaryň garyndaşlarynyň, aklawçylaryň we garaşsyz synçylaryň dessine goýberilmeginiň üpjün edilmegidir. Çözgüt zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň daşky dünýä bilen tizden-tiz aragatnaşykda bolmagydyr" diýlip, "Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasynyň zor bilen ýitirim edilemleriň pidalarynyň halkara gününe gabatlap çap eden beýanatynda aýdylýar.


Tussaglaryň daşky dünýä bilen aragatnaşygy, şol sanda garşydalary bilen görüşmegi we hat alyşmagy Türkmenistanyň milli kanunlarynda hem göz öňünde tutulýar. 


BMG, ÝHHG we ABŞ, Fransiýa, Şweýsariýa ýaly ýurtlarynyň ençemesi Türkmenistanda tussaglaryň ýitirim edilmegine we üzňe saklanmagyna ýol berilýändigine ençeme gezek aladalanma bildiripdi. 


Halkara jemgyýetçiligi dünýäde zor bilen ýitirim edilmeler problemasyna 2010-njy ýylda aýratyn üns berip başlady. Şonda BMG ýörite rezolýusiýany kabul etdi we problema ünsi çekmek üçin 30-njy awgustda bellenýän ýörite senäni esaslandyrdy. 


Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň türmelerinde zor bilen ýitirim edilmeler problemasy boýunça "Olary diri görkeziň!" halkarta kampaniýasynyň guramalary bilen bilelikdäki ýörite proýekte başlaýar. Onuň çäginde türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň tussag edilmegine degişli jikme-jik maglumatlar, foto-wideo materiallar we wakalaryň şaýatlary hem ýitirim edilenleriň ýakynlary bilen söhbetdeşlikler köpçüligiň dykgatyna ýetiriler.  


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net