Russiýa ABŞ dollaryny ulanmagy bes etmek baradaky tagallalaryny güýçlendirjekdigini wada berdi
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 23-nji awgustda “International Affairs”, ýagny “Halkara gatnaşyklary” žurnalyna beren interwýusynda “sözden herekete geçmegimiziň, özara hasaplaşyklarymyzda dollardan dynmagymyzyň we beýleki alternatiwalara seretmegimiziň wagty geldi” diýdi.
Şu ýyl Birleşen Ştatlaryň sanksiýalary tarapyndan nyşana alnan Eýranyň hem ABŞ dollaryndan ýüz öwürmek üçin Orsýetiňkä meňzeş sebäpleri bar.
Eýran we Russiýa dünýäniň iň uly nebit eksportýorlarynyň biri bolup, bu ýurtlaryň nebit senagatlary we eksportlary Birleşen Ştatlar tarapyndan nyşana alnypdy.
Käte Hytaýyň “ýuany” global söwdada dollaryň ýerini eýeläp biljek alternatiwa hökmünde agzalýar.