Türkiýe german žurnalistiniň ýurtdan çykmagyna rugsat berdi
Emma, Tolunyň ýan-ýoldaşy Suat Korlua ýurtdan çykmaga rugsat berilmedi. Oňa gep terrorizm bilen ilteşikli aýyplamalar bildirilýär.
Şol bir wagtda, 33 ýaşly žurnalist we çepçi ETHA habar agentliginiň terjimeçisi Tolunyň sud diňlenişigi planlaşdyrylyşy ýaly, 16-njy oktýabrda geçiriler.
Aprel aýynda Stambulyň kazyýeti sud diňlenişigine çenli Tolunyň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizipdi. Ol terrorizm propogandasynda we ýurtda gadagan edilen aşa-çepçi MLKP partiýasyna agza bolmakda aýyplanýar.