Hukuk goraýjylar täjik aktiwistiniň ýakynlarynyň ýurtdan çykarylmagyna çagyrdylar
Hukuk goraýjy toparlaryň 10-sy, şol sanda “Human Rights Watch” hem geçen hepde Şabnam Hudoidodowanyň 10 ýaşly gyzynyň, garry ejesiniň we agasynyň Täjigistanyň aeroportyndan yzyna gaýtarylandygyny aýtdylar. Olar aktiwist Hudoidodowa bilen birleşmek üçin, Ýewropa uçmalydylar.
Adam hukuklaryny goraýjylar täjik resmileriniň daşary ýurtdaky oppozisiýa aktiwistleriniň ýurtdaky ýakynlaryna dowamly basyş edýändiklerini hem belleýärler.