Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabatda öýsüz it-pişikler ýene-de köçeden köpçülikleýin ýygnalýar

Aşgabatda öýsüz it-pişikleri köçeden ýygnamak we ýok etmek boýunça işler ýene-de batlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.


Türkmenistanyň paýtagtynyň öý dolandyryş müdirliginiň işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna aýtmagyna görä, olara köçelerde idegsiz ýören itleri we pişikleri tutup, olary edara tabşyrmak barada ýörite görkezme berilýär, plan kesgitlenýär.


Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgäriniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, müdirligiň tehniki işgärlerine, ýagny köçe süpürijilere, arassaçylyk we bagbançylyk işlerini edýän işgärlerine, şeýle-de suw üpjünçilik işlerini ýerine ýetirýän santehniklere her hepdede bir iti ýa-da bir pişigi diriligine ýa-da onuň maslygyny ýaşaýyş jaý ulanyş edarasyna tabşyrmagyna görkezme berilýär.




"Itiň ýa pişigiň maslygyny tabşyryp bilmedik işgärlerden it üçin 16-manat, pişik üçin bolsa 10-manat pul talap edilýär. Maslygy ýa diri itdir-pişigi getirip tabşyrmadyk işgär aýdylan puly öz hasabyndan tölemäge borçly edilýär" diýip, ýaşaýyş jaý müdirliginiň Azatlyk bilen söhbetdeş bolan işgäri aýtdy. Onuň sözlerine görä, işini ýitirmejek bolup, köçe süpürýän zenanlar hem beýleki işgärler özlerine berlen tabşyrygy ýerine ýetirmäge mejbur bolýarlar.  


Şu günler idegsiz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilýändigini Aşgabadyň ýaşaýjylary hem tassyklaýarlar.   


"Olary köçe süpüriji zenanlar awlaýarlar we hakyna tutulýan welaýat ýaşaýjylary. Itleri gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglar bilen äkidýärler. Käwagt köpçüligiň gözüniň alnynda itleriň kellesine, oňurgasyna demir taýak bilen urýarlar, ýüpden we demir simden halka edip bogýarlar. Köçe süpürijiler bolsa pişikleri polietilen haltalara salýarlar, elbetde haýwanlaryň ählisi demigip ölýär. Howanyň gyzgyny günüň aşagynda 60 gradusa ýetýär. Polietilen haltalaryň içindäki bug daşyna suw bolup dökülýär" diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz özüniň şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, käte haýwanlaryň ýok edilmegi boýunça çäreleriň berjaý edilişine polisiýa işgärleri gözegçilik edýärler we rehimsizliklere garşy çykan adamlara basyş görkezýärler.




Aşgabadyň öý dolandyryş edaralarynyň birnäçe işgäri bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu işde ýüregi ýukarak zenan işçileriň öýsüz haýwanlary öldürmän, olary tutup, diriligine eltip tabşyrmaga synanyşýandygyny gürrüň berdi.  


"Itdir-pişiklere ýüregiň awaýar. Ol janawarlar köçede aç-suwsuz gezip ýörler. Zir-zibil oklanýan gapyrjaklaryň ýanynda aýlanyp, galan-gaçan iýmitleri gözleýärler. Ine şol zir-zibil oklanýan ýaşikleriň ýanynda hem olary awlap, köne halta salyp, ýaşaýyş jaý ulanyş trestine eltip tabşyrýarys" diýip, haýwanlary tutýan işgärleriň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. 


Aşgabatly söhbetdeşlerimiziň ýene biri Änew şäherçesiniň kommunal kärhanasynyň öňki işgäri şeýle talaplara çydam edip bilmän, özüniň işden çykandygyny aýtdy: "Itdir-pişigi öldürmek däl, ony tutup diriligine kontora eltip tabşyrmaga hem ýüregim çydamaýardy. Sebäbi ony diri tabşyranyň bilen hem ol seniň eliň bilen ölüme alnyp barylýar".


Ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, idegsiz haýwanlaryň köçelerde köpelmegine Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň köpçülikleýin ýumrulmagy hem sebäp bolýar.


"Tipli jaýlarda ýaşap, soňra jaýlary mejbury ýumrulan ýaşaýjylar özleriniň itdir-pişiklerini köçede galdyrmaga mejbur bolýarlar. Bu ýumrulyşyklar häzirem dowam edýär we jaýlary ýykylýan ýaşaýjylar öz öý haýwanlaryny köçede galdyryp gidýärler" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.




Soňky ýylyň dowamynda Aşgabadyň köçelerinden idegsiz haýwanlary ýygnamak boýunça işler belli bir derejede guramaçylykly häsiýete eýe boldy.


Paýtagtda idegsiz haýwanlary köçelerden ýygnamak işiniň ýaşaýyş jaýlara garaşyk edýän oý hojalyk edaralarynyň amala aşyrylandygyny, köçelerde olary toplaýan gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglaryň peýda bolandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçylary, haýwanlary goraýjy aktiwistler we garaşsyz media serişdeleri habar beripdi. 




Ýerli synçylar, öýsüz haýwanlary köçeden ýygnamak boýunça guramaçylykly işleriň döwlet tarapyndan ähmiýet berilýän çäreleriň we uly baýramçylyklaryň öňýany hasam batlanýandygyna ünsi çekýärler. 


Bu işiň häzirki tapgyry Türkmenistanyň "Amul-Hazar" awtorallisine, gadymy Ýüpek ýolunyň geçen ugry boýunça ýeňil atletika we tigirli ýörişlere, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýän döwrüne gabat geldi.


Mundan öň Türkmenistanyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiren V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda Aşgabatdaky graždan aktiwistler türkmen häkimiýetleriniň paýtagtyň ähli künjeklerinde öýsüz haýwanlary ‘awlamak’ boýunça giň göwrümli çäre geçirýändigini, itleriň we pişikleriň köçelerde zäherlenip öldürilýändigini habar beripdiler. 




Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlaryň awlanmagy we ýok edilmegi baradaky habarlary ne şonda, ne-de häzir tassykladylar. Azatlyk Radiosynyň beren soraglaryny kommentirlemekden ýüz öwürdiler.


Geçen ýylda idegsiz haýwanlaryň rehimsiz ýok edilýändigi barada garaşsyz çeşmeleriň yzygiderli çap eden maglumatlaryndan soň, Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ýörite penahananyň döredilendigini habar beripdi. Emma ýerli aktiwistler Çoganlyda ýerleşýän bu penahanada itleriň açlykdan ölýändigini köpçülige mälim edipdi. 

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net