ABŞ rus ilçihanasynyň wekilini “agressiw gatyşma” üçin çagyrdy
Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert özüniň Twitter hasabynda: “Sekretaryň kömekçisi [Wess] Mitçel Russiýanyň ygtyýarly wekili [Dmitriý] Žirnowy Kremliň sosial ulgamlary arkaly ABŞ-da gazaplylygy we bölünişigi ornaşdyrmak synanyşyklary boýunça jogap bermäge çagyrdy. Biz beýle agressiw gatyşmany kabul etmeris” diýen ýazgy galdyrdy.
Mundan öň, ýagny 31-nji awgustda Facebook ABŞ-da noýabrda geçirilmeli Kongres saýlawlarynyň öňüsyrasy ýurduň syýasy durmuşyna täsir etmek tagallalarynyň edilýändigini mälim edipdi. Facebook bularyň Russiýa bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigini bellese-de, olary gönümel Moskwa bilen baglanyşdyryp bolmaýandygyny belläpdi.
Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy bu aýdylanlary ret etdi.