Türkiýe sentýabrda Siriýa konfliktini maslahatlaşmak üçin sammit geçirer
Onuň bu sözleri türk mediasynda 29-njy iýulda çap edildi, Erdogan bu duşuşygyň 7-nji sentýabrda Stambulda boljakdygyny aýtdy.
Türk lideri sammitiň gün tertibindäki başga meseleleriň jikme-jikliklerini aýtmady, emma ol, “Hurriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň “dörtlügiň çäginden daşarda” hem Orsýet bilen dialogy dowam etdirjekdigini belledi.
Moskwa, Pariž ýa Berlin häzirlikçe bu sammitiň boljagyny tassyklap, hiç zat aýtmady.
Orsýet bilen Eýran ýedi ýyla çeken we ýüz müňlerçe adamy öldüren, millionlap adamy ýaşaýan ýerinden bosduran raýat urşy döwründe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada aýgytly goldaw berdi.
Türkiýe, Fransiýa we Germaniýa bolsa, aýratynlykdaky pitneçi toparlary goldady.