Türkmrenistan Demirgazyk Koreýa bilen energiýa, transport, agrar hyzmatdaşlygyny etmekçi
Phenýanda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygynda guralan sapar mahalynda gol çekilen dokumentler iki tarapyň syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek ähtnamasyndan we iki ministrligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk programmasyndan ybarat.
Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar gullugynyň, KCNA-nyň maglumatyna görä, Hajyýew dördünji gün Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Ri Ýoň Ho bilen duşuşdy, şeýle-de türkmenistanlylar daşary işler ministriniň orunbasary Sin Hoň Çol we daşary ykdysady gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ri Kwaň Gun bilen duşuşyp, “özara hyzmatdaşlyk meselelerini” maslahatlaşdylar.
KCNA Hajyýewiň Aşgabada dolanan güni ýurduň Ýokary halk assambleýasynyň prezidiumynyň başlygy Kim Ýong Namyň Türkmenistanyň Koreýa Halk demokratik respublikasyndaky türkmen ilçisi Çynar Rüstemowanyň ynanç hatyny kabul edendigini habar berdi.