Ermenistanyň ozalky prezidenti Koçarýan 2008-nji ýyldaky basyp ýatyrmalar üçin tussag edildi
Ýerewanyň etrap sudy 27-nji iýul güni giçlik Ýörite derňew gullugynyň Koçarýany 10 adamyň, şol sanda iki sany polisiýa ofiseriniň ölümine getiren basyp ýatyryşyň derňewi esasynda saklamak barada karar çykardy.
Bu çäre uzak wagt bäri korrupsiýa garşy göreşýän we täzelikde premýer-ministrlige saýlanan Nikol Paşinýanyň ozalky hökümet bilen ilteşikli resmileriň garşysyna görýän kanun çärelerini güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.
Koçarýan, syýasy äheňlidigini aýdyp,“Ermenistanyň konstitusion düzgünini bozmakda” bildirilen aýyplamany ret etdi. Onuň aklawçylary deslapky tussaglyk kararyndan şikaýat ediljegini aýtdylar.