Rohani Trampa ‘şiriň guýrugyny oýnamazlygy’ maslahat berýär
"Jenap Tramp, şiriň guýrugyny oýnama, bu diňe ökünje alyp barar” diýip, resmi IRNA habar gullugy Rohaniniň 22-nji iýulda eýranly diplomatlaryň ýygnanyşygy nda aýdan sözlerini sitirledi.
Tramp maý aýynda Birleşen Ştatlaryň 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýäniň alty döwletiniň baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny weberk sanksiýalary gaýtadan girizýändigini yglan etdi. Bu çäre Eýran tarapyndan berk tankyt edildi.
Rohani bu basyşyň ýurtdaky milli bitewiligi berkidendigini aýtdy. “Biz öňküden has agzybir bolduk, haýbatlar bizi bir ýere jemleýär” diýip, Rohani aýtdy. “Biz Amerikany gürrüňsiz ýeňeris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de ol Birleşen Ştatlary ruhanylar gurluşyny “agdarmak” we ýurtda bölünişik döretmek üçin işlemekde aýyplady.