Tramp-Putin sammiti 16-njy iýulda geçer
Rus habar agentlikleri Kremle salgylanyp, Putiniň we Trampyň ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryny we halkara meselelerini maslahat etjekdiklerini habar berdiler.
Tramp çarşenbe güni Waşingtonda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda 11-12-nji iýulda geçjek NATO-nyň sammitinden soň, Putin bilen duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy.
Ol iki lideriň Ukrainany, Siriýany we ‘beýleki köp meseleleri” maslahat etjekdiklerini hem sözüne goşdy.