Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aklawçy Gülnara Kerimowa bilen duşuşyp, onuň eglişige taýýardygyny mälim etdi

Ženewaly aklawçynyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň ýogalan prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa diri, ýöne onuň Daşkentiň daşynda ýerleşýän tussaghanadaky ýagdaýy onçakly gowy däl. Öňki prezidentiň gyzy özüne hem içerden, hem-de daşardan maliýe işlerindäki nädogruçylyklar hakda bildirilýän aýyplamalary ret etse-de, kanuny problemalaryna çözgüt tapylan halatynda käbir eglişikleri etmäge meýilsiz däl.


Bulary Kerimowanyň aklawçysy Gregoire Mangeat mälim etdi. Mangeatyň aýtmagyna görä, ol bir ýyldan gowrak wagtlap habarlaşyp bilmänsoň öten aprelde Kerimowa bilen duşuşypdyr. Adwokat Azatlyk Radiosy bilen geçiren giň göwrümli gepleşikde Kerimowanyň aradan çykandygy baradaky myş-myşlary ýalana çykardy we onuň saglyk ýagdaýy, şeýle hem pul ýuwmak boýunça Şweýsariýada alnyp barlan derňewler, bu derňewleriň esasynda konfiskasiýa edilen 700 million dollardan gowrak puluň basym özbek döwletine berilmeginiň mümkinçiligi hakynda maglumat berdi.




25-nji we 26-njy aprelde müşderisi bilen Daşkentde baş prokuroryň edarasynda duşuşan Mangeat Kerimowa “ýadawdy”, ýöne paýtagtdan üç sagat aralykda ýerleşýän tussghanada “agyr şertlerde” saklanýandygyna garamazdan ol edermenlik görkezýärdi diýýär.


Adwokat Kerimowa bilen soňky gezek 2016-njy ýylyň dekabrynda duşuşypdyr. Yslam Kerimow öldi diýip, sentýabrda yglan edilenden soňra Şawkat Mirzioýew dekabrda prezidentlige saýlanypdy. Mangeatyň aýtmagyna görä, Kerimowa şonda bir könelişen jaýda saklanypdyr, daşky dübýä bilen gatnaşykdan kesilipdir. Şol ilkinji duşuşykdan soňra, onuň bilen “habarlaşmak mümkin bolmandyr”. Kerimowa bir ýyldan gowrak wagtyň içinde öz gyzy Imany görmäge diňe bir ýa iki gezek rugsat edilipdir. Britaniýada ýaşaýan we Yslam Kerimowyň ady dakylan oglundan asla habar tutup bilmändir.


Adwokatyň bellemegine görä, oňa öz işini etmäge mümkinçilik berilmändir we onuň öz müşderisi bilen duşuşmak üçin ençeme gezek iberen haýyşnamalary äsgerilmändir ýa-da ret edilipdir.


16-njy iýunda Şweýsariýanyň “Neue Zurcher Zeitung” gazetinde çap edilen bir makalada Ženewa we Zürihdäki hasaplardan ele geçirilen pullary Kerimowa we ýene baş adam bilen baglanyşykly pul ýuwmak boýunça derňew alyp barýan Şweýsariýanyň federal prokurorlarynyň öz kontrollygyna alandygy we şweýsar hökümetiniň maýda bu pullary Özbegistana gaýtaryp berilmek hakda buýruk berendigi aýdylýar.




Gazetiň ýazmagyna görä, mesele çözülmäge golaý, ýöne Kerimowany goraýan topar pullaryň konfiskasiýa edilmegine we onuň Özbegistana geçirilmegine garşy çykypdyr. Olar muny hem “Kerimowanyň hukugynyň ýowuz bozulmagy we adalatly kazyýet işleriniň geçirilmändigi” bilen delillendiripdiler.


Mangeat Azatlyk Radiosynyň özbek gullugy bilen geçirilen söhbetdeşlikde özüne Kerimowa bilen duşuşmaga rugsat berilmeginde Özbegistanyň bu pullaryň bir bölegini ýa-da hemmesini yzyna almak baradaky umydynyň rol oýnandygyna ynanýandygyny aýtdy.


“Olar maňa belli bir derejä çenli öz işimi etmäge ýol berseler, özlerine edilýän basyş ýeňlär we olaryň bu puly almak mümkinçiligini artdyrar diýip, pikir eden bolmagy ähtimal” diýip, Mangeat aýdýar.


Ikiçäk duşuşyk


Adwokat özüniň iki günüň dowamynda Kerimowa bilen duşuşyp bilendigini aýdyp, häzir 45 ýaşyndaky müňderisiniň kimdigini tassyklady. Kerimowanyň 2014-nji ýylda jemgyýetçilikden ýitirim edilmegi dürli myş-myşlara, şol sanda ol zäherlendi, öldi ýa-da psihiatriýa dykyldy diýlen gürrüňlere getiripdi.


Onuň nirededigi ýa-da haýsy ýagdaýdadygy hakdaky habarlary anyklap bolmaýandygy Kerimowanyň meşhurlygyna, aýdymçy bolup, şagalaňly ýaşamagyna, eli açyk sosialist, diplomat we kakasynyň Özbegistanda eden awtoritar hökümdarlygynyň keşbi bolup hyzmat etmegine ters gelýärdi.


Bir wagtlar kakasynyň mirasdüşeri bolup, prezident bolar diýip, çak edilen Kerimowa maşgalada dörän dawa-jenjelden soňra ünsden düşdi. 2014-nji ýylyň sentýabrynda howpsuzlyk gulluklary tarapyndan oňa ýaramaz çemeleşilendigini görkezýän suratlar internetde peýda bolanyndan soňra ondan görlen-eşidilen zat bolmady.




Mangeat Kerimowa bilen aprelde Daşkentde bolan duşuşygyny suratlandyryp, köp maglumat bermän “ilkinji gün ol gaty ýadawdy, derman astyndady, işlemek mümkin däldi” diýdi.


Özbegistanyň baş prokurorynyň edarasynda birnäçe sagatlap ikiçäk gürleşenimizden soňra gepleşigi “kesmeli bolduk ... sebäbi oňa pikirlerini jemläp, meniň bilen işleşmek gaty kyn geldi” diýip, Mangeat aýtdy. Ol soňra hem “ýöne indiki gün gowurak boldy” diýip, sözüniň üstüne goşdy.


Mangeat 21-nji we 22-nji iýuna planlaşdyrylyşyna görä, Kerimowa bilen duşuşmak üçin ýene Daşkente gitjekdigini aýtdy.


Özbek häkimiýetleri Kerimowany eden jenaýatlary, şol sanda kezaplykda, salgyt tölemekden boýun gaçyrmakda aýyplap, 2015-nji ýylda iş gozgaly bäri, onuň bäş ýyllap “azatlykdan mahrum” edilendigini aýtdylar.


Pul ýuwmakda aýyplanyp, Şweýsariýada barýan sud işinden başga-da, Kerimowanyň işine Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň soňky taryhynda bolan iň uly korrupsiýa bilen baglanyşykda garalýar.


Gollandiýanyň telekom kompaniýasy Wimpelkom 800 million dollar bilen korrupsiýa aýyplamalaryny ýatyrmaga razylyk berdi.


Telekomda bolan parahorlyk bilen baglylykda Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti Kerimowanyň 600 million dollara ýakyn baýlygynyň konfiskasiýa edilmegi hakynda order çykardy.




2017-nji ýylyň iýulynda Özbegistanyň baş prokurorynyň edarasy dowam edýän bir derňew sebäpli Kerimowa başga-da birnäçe jenaýatlarda, şol sanda maliýe işlerindäki galplyk we pul ýuwmakda günä bildiriýändigini mälim etdi.


‘Ol öz sesini eşitdirmek isleýär’


Mangeat Kerimowa özüne bildirilýän ähli aýyplamalary, şol sanda şweýsar prokurorlarynyň aýyplamlaryny hem ret edýär diýýär.


Ol köp maglumat bermän, öz müşderisiniň “makul çözgüt” tapylsa, “käbir eglişiklere” razydygyny aýdýar. Ýöne ol konfiskasiýa baradaky kararlara garşy çykjakdygyny we zerur bolan halatynda Ýewropanyň adam hukuklary baradaky suduna ýüz tutjakdygyny belleýär.


Kerimowanyň maksady “sesiniň eşidilmegi”, onuň öz adwokaty bilen goranyşa taýýarlanmagy üçin “ýeterlik wagt bar” diýip, Mangeat aýdýar.


Ol tapylmaly çögüdi hemmeler üçin “aşa çylşyrymly ýagdaý” diýip häsiýetlendirýär. Mangeat özbek prezidenti Mirziýoýew bilen hem duşuşmaga synanyşypdyr.


Özbegistanda çärýek asyrdan gowrak höküm süren Kerimowdan soňra zerur reformalara başlandygy üçin taryplanan Mirziýoýew uzak wagtlap üzňelikde saklanan Özbegistanyň beýleki ýurtlar bilen bolan gatnaşyklaryny gowulandyrmaga synanyşýar.


2017-nji ýylda çykan bir beýannamada özbek prokurorlary Kerimowanyň 1.5 milliard dollar möçberinde bolan Britaniýadaky, Fransiýadaky, Germaniýadaky, Hong Kongdaky, Irlandiýadaky, Latwiýadaky, Maltadaky, Orsýetdäki, Sweýsariýadaky, Şwesiýadaky şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerindäki baýlygynyň Özbegistana berilmegi hakynda iş alyp barýandyklaryny aýtdylar.


Prokurorlaryň aýtmagyna görä, Kerimowa 590 million dollardan agdyk bikanun baýlyk toplapdyr, şeýle-de 870 million dollar çemesi parahorlukdan gelipdir.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net