Tramp Putin bilen "uzaga çekmän" duşuşjaga meňzeýär
Ak tam 21-nji iýunda milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň indiki hepde duşuşyk ideýasyny öwrenmek üçin Moskwa sapar etjekdigini yglan etdi.
Pompeo 23-nji iýunda efire berlen MSNBC söhbetdeşliginde Trampyň öz rus kärdeşi bilen Boltonyň Moskwa saparyndan soň gaty kän uzaga goýman duşuşjakdygyny aýtdy.
Pompeo Birleşen Ştatlar “biziň ugurdaş bähbitlerimiziň bar ýerlerini tapmaga, emma biziň goramaýan ýerlerimizde amerikan bähbitlerini goramaga synanýar” diýdi.