Gazagagystanda “Telegramyň” eýesi Durow sylaglandy
Geňeş Durowyň “senzura we hökümetiň raýatlaryň internetde erkin habarlaşlamagyna täsir etmek synananyşyklary babatyndaky prinsipial pozisiýasy üçin” özüniň ýyllyk baýragy bilen sylaglandygyny mälim etdi.
“Telegramyň” esaslandyryjysy we eýesi Durow rus howpsuzlyk gulluklarynyň tilsimi zor bilen gözegçiligine geçirmek synanyşyklarynyň ählisini ret etjekdigini söz beripdi.
Aprelde Russiýanyň aragatnaşyk dolandyryjysy Roskomnadzor suduň “Telegram” tilsiminiň gadagan edilmelidigi baradaky kararyny durmuşa geçirip başlady.
Bu gagdagançylyk Russiýada protest çäreleriniň geçirilmegine hem getirdi.